Türkiýe ABŞ-niň PKK-nyň ýolbaşçylary bilen bagly kararyna oňyn garaýar

Türkiýäniň hökümeti, ABŞ-niň ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýolbaşçylary bilen bagly kararyna oňyn garaýandygyny mälim etdi

1083050
Türkiýe ABŞ-niň PKK-nyň ýolbaşçylary bilen bagly kararyna oňyn garaýar

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň terror guramasynyň ýolbaşçylary Murat Karaýylan, Jemil Baýyk we Duran Kalkanyň nirededigi barada maglumat berene pul sylagynyň beriljekdigi bilen bagly beýanatyna oňyn garaýandyklaryny habar berdi.  

ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň terror guramasy PKK-nyň 3 ýolbaşçysynyň şahsyýetleri ýa-da nirededikleri barada maglumat berene pul sylagynyň beriljekdigi bilen bagly karary barada Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, ministrlige berilen soraga ýazmaça jogap berdi. 

Hami Aksoý: "ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň terror guramasy PKK-nyň 3 ýolbaşçysynyň şahsyýetleri ýa-da ýerleri barada maglumat berenlere pul sylagynyň beriljekdigi bilen bagly kararyna oňyn garaýarys. Bu ädimiň PKK we onuň şahalaryna garşy göreşiň çäginde, Yrakda we Siriýada orta goýuljak anyk hereketler bilen goldanmagyna garaşýarys" diýdi. 

ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýewriýa we Ýewraziýa işlerinden jogapkär kömekçisi Matthew Palmer ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň “Adalat üçin sylag” maksatnamasynyň çäginde terrorçylaryň ýolbaşçylarynyň nirededigi we şahsyýeti barada maglumat berene Murat Karaýylan üçin 5 million dollara çenli, Jemil Baýyk üçin 4 million dollara çenli we Duran Kalkan üçin 3 million dollara çenli sylaglandyryljakdygyny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar