Saud Arabystanly resmileriň derňew işine päsgel berendikleri mälim boldy

Derňew işiniň çäginde Içeri işler müdürliginiň işgärleri konsullyk binasynda we konsulyň galýan ýerinde derňew işini geçirdiler

1074970
Saud Arabystanly resmileriň derňew işine päsgel berendikleri mälim boldy

Žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi bilen bagly derňew işinde, polisiýa işgärleriniň Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygynyň howlusyndaky guýyda gözleg geçirilmegine Saud Arabystanly resmileriň rugsat bermändigi mälim boldy.

Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçynyň 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygynda geçirilen derňew bilen baglanşykly täze maglumatlar ýüze çykmaga başlady.

Derňew işiniň çäginde Içeri işler müdürliginiň işgärleri konsullyk binasynda we konsulyň galýan ýerinde derňew işini geçirdiler.

Emma konsullyk binasynyň howlusynda we ol ýerde bar bolan bir guýyda gözleg işlerini geçirmek isleýän howpsyzlyk güýçlerine Saud Arabystanynyň resmileri rugsat bermediler.

Ancak, Konsolosluk bahçesinde ve burada bulunan bir kuyuda da arama yapmak isteyen güvenlik güçlerine, Suudi yetkililerce izin verilmediği öğrenildi.

Washington Post gazediniň işgäri saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy, 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda sişenbe güni resmi işler üçin Saud Arabystanynyň Stambuldaky başkonsullygyna gireninden soň dereksiz ýitipdi.

Waka bilen bagly türk we saud resmilerinden ybarat topar döredilipdi.

Saud Arabystanynyň hökümeti 20-nji oktýabrda Kaşykçynyň konsullyk binasynda başdan geçirilen gowganyň netijesinde ölendigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar