“Subutnamalar Kaşykçynyň wagşylarça öldürlendigini görkezýär"

Erdogan “Subutnamalar Kaşykçynyň wagşylarça öldürlendigini görkezýär. Saudy hökümeti jenaýaty ykrar etmek bilen aýgytly ädim ätdi” diýdi

“Subutnamalar Kaşykçynyň wagşylarça öldürlendigini görkezýär"

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan partiýasynyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisindäki maslahatynda eden çykyşynda Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Başkonsullygynda öldürlendigi ykrar edilen saudy žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty barada durup geçdi.

Geçirlen barlaglaryň jenaýatyň guramaçylykly ýagdaýda edilendigini görkezýändigine ünsi çeken Erdogan, Jemal Kaşykçynyň Konsullyga gitmezinden ozal, Saud Arabystanyndan generallardan, kazyýet lukmançylygy boýunça hünärmenlerden we razwetka gullugynyň işgärlerinden ybarat 15 adamlyk ýörite toparyň konsullyga girendigini, guramaçylykly jenaýat edilenden soň subutnamalaryň ýok edilmäge çalşylandygyny nygtady.

Erdogan Saudy hökümetiniň ilki Kaşykçynyň öldürlendigi hakyndaky garaýyşlary kabul etmändigini emma subutnamalaryň tapylmagyndan soň jenaýaty ykrar etmäge mejbur bolandygyny ýatlatdy.

Erdogan “Subutnamalar Kaşykçynyň wagşylarça öldürlendigini görkezýär. Saudy hökümeti jenaýaty ykrar etmek bilen aýgytly ädim ätdi” diýdi.

Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziziň waka bilen arabaglanşykly 18 adamyň saklanandygyny aýdandygyna ünsi çeken Erdogan “Saud hökümetine şol 18 adamyň wakanyň başdan geçirlen ýeri bolan Stambulda kazyýet işine çekilmegini teklip edýärin” diýdi.

Prezident Erdogan “Şol 15 adam jenaýatyň bolan güni näme üçin Stambula geldi. Şol adamlar kimden görkezme aldy, konsullygyň binasy näme üçin birnäçe gün soň barlandy. Türkiýe mesele bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam eder” diýdi.

 


Etiketkalar: hökümet , barlag , Erdogan

Degişli Habarlar