Türk lider Jemal Kaşykçy wakasy bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan saudy žurnalist Jemal Kaşykçy wakasynyň derňelmegi üçin Türkiýäniň öz üstüne düşenini edendigini belledi

1072442
Türk lider Jemal Kaşykçy wakasy bilen bagly beýanat berdi

Erdogan Moldowa saparyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Waka bilen bagly prokuraturanyň, Içeri işler edarasynyň we razwedka gullugynyň derňewiniň dowam edýändigini, emma hasabatlary entek görmändigini aýdan Erdogan: "Biz wakalaryň derňelmegi üçin öz üstümize düşenini edýäris. Ýagny her tarapdan işe gözegçilik edýäris. Bu işi ortada goýmagymyz mümkin däl" diýdi. 

Wakanyň çykdy gitdi diýip ýapylmajakdygyny hem aýdan Erdoganyň nyşanasynda Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsuly bardy.  

Konsulyň türk resmilerinden ozal konsullyk binasyna daşary ýurtly metbugat işgärlerini salmagyna nägilelik bildiren Erdogan, konsulyň eden hereketlerinden biynjalyk bolandygyny Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulazize telefon arkaly aýdandygyny, Şanyň hem özüniň aýdýanlarynyň dogrudygyny tassyklandygyny habar berdi. 

 



Degişli Habarlar