Erdogan müftilere ýüzlenip çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň Yslam dünýäsine öňbaşçylyk edip biljek ýeke täk ýurtdugyny nygtady

1069195
Erdogan müftilere ýüzlenip çykyş etdi

Erdogan Prezidentiň kompleksinde welaýat Müftileriniň 35-nji maslahatynda çykyş etdi. 

Çykyşynda Türkiýäniň Yslam dünýäsinde möhüm bir ýutdugyny aýdan Erdogan: "Taryhy tejribesi, geografik ýerleşişi we tapawutly ynançlary ençeme asyrlap parahatçylyk içinde ýaşadan medeni baýlykly Türkiýe, bütin Yslam dünýäsine öňbaşçylyk edip biljek ýeke täk ýurt" diýdi. 

Türkiýäniň terrora garşy göreşini tutanýerlilik bilen dowam etdirýändigini aýdan Erdogan: "Terror guramalaryna garşy gerek bolan ähli çäreleri görmäge dowam ederis. Türkiýäniň artykmaçlygy bu gurluşlary dolulygyna ortadan aýyrmaga tutanýerli kadrlar tarapyndan dolandyrylmagydyr. Bu guramalaryň ählisine uly zarbalar salan döwrümiz boldy. DAIŞ-e we ekstremist terror guramasy PKK-a agza 7 müň 500 terrorçyny täsirsiz ýadgaýa getirdik" diýdi.

Çykyşynda FETÖ garşy göreşiň hem üstünde durup geçen Erdogan: "FETÖ, milleti bilen gowgaly, raýatyna ýokaryndan seredýän, öz adamlaryny daşlaşdyrýan ýoýulan ulgamyň sebäp bolan nir keselidir" diýdi. 

Erdogan: "2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky başdan geçirenlerimizden sapak alyp, hasaplap we auditläp, mundan soň bular ýaly hadysalaryň başdan geçirilmezligi üçin gerek bolan her dürli çäräni görmegimizi dowam etdireris" diýdi. 



Degişli Habarlar