“Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky terrorçylaryň ýerlerini derbi-dagyn ederis”

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky terrorçylaryň ýerlerini derbi-dagyn etjekdiklerini beýan etdi

1067493
“Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky terrorçylaryň ýerlerini derbi-dagyn ederis”

Erdogan Spartada eden çykyşynda howpsyzlyk güýçleriniň ýurdyň öz içinde terror guramasyna agza terrorçylara taryhlarynda görmedikleri zarba salandygyny belläp: “Nesip bolsa örän ýakyn wagtda, çinlerini alan kommandoslaryň goldawy bilen, Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky terrorçylaryň ýerlerini derbi-dagyn ederis” diýdi.

2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky Fetullahçy terror guramasynyň agdarlyşyk synanyşygynyň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Käbir töwerekler tarapyndan aýaga galmaz diýip häsýetlendirilen Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň hakyky güýjüne gowuşandygyny görenler entegem haýran galmaklaryny dowam etdirýärler” diýdi.

Türkiýäniň soňky wagtlarda ençeme spekulýatiw hüjümlere sezewar galandygyny aýdan Erdogan, bu hüjümleriň Türkiýäniň, dünýäniň satyn almak gatnaşygyna görä 13-nji, milli girdejä görä 17-nji yurdudygy baradaky hakykaty üýtgetmändigini nygtady.

Prezident Erdogan: “Öňümize goýulýan päsgelçilikler näme bolsa bolsun, ýa bir ýol taparsyň ýa bir ýol ýasarsyň we ony hökmany ýadgaýda aşarys” diýdi.

Çykyşynda “Ýurdumyza beren sözlerinde örän gülkinç sebäpler bilen durmaýanlara, ýene-de örän gülkinç sebäpler bilen bize sanksiýa girizmäge synanyşanlara esasy ýitgi çekeniň özleri bolandygyny görkezeris” diýip dowam etdiren Türkiýäniň Prezidenti: “Bize ýapylan her gapa garşy, 10 sany gapy açyp, bize çykarylýan her kynçylyga garşy 10 sany ýeňilligi döredip maýa goýumlarymyzy dowam etdireris, ykdysadyýetimizi galkyndyrmagy dowam etdireris” diýip belledi.



Degişli Habarlar