Amerikaly ruhany Branson 3 ýyl 1 aý 15 gün azatlykdan mahrum edildi

Amerikaly ruhany Endrýu Branson 3 ýyl 1 aý 15 gün azatlykdan mahrum edildi

Amerikaly ruhany Branson 3 ýyl 1 aý 15 gün azatlykdan mahrum edildi

Izmirde FETÖ bilen terror guramasy PKK-nyň adyndan jenaýatçylyk iş eden we içalylyk etmep bilen aýyplanyp,  35 ýyl azatlykdan mahrum edilmek islenen, tussaghanadaky tussaglygy öý tussaglygyna öwrülen amerikaly ruhany Endrýu Bransonyň 4-nji gezek kazyýet diňlenşigi boldy. 

Izmir 2-nji Agyr Jeza kazyýetinde geçirilen diňlenşikde Branson 3 ýyl 1 aý 15 gün azatlykdan mahrum edilmek barada karar kabul edildi. 

Öý tussaglygy we daşary ýurda çykmak gadagançylygy aýrylan Bransonyň alan jezasy, tussaghandaky tussagly günleri jeza günleri hökmünde kabul edildi we Branson azat edildi. 

Bransonyň aklawjysy, wekilçilik edýän adamsynyň kararyň beýan edilmegine şat bolandygyny, elektronik gandallarynyň aýrylmagyndan soň daşary ýurda çykjakdygyny aýan etdi. 

Berilen karary kabul etmeýändiklerini aýdan Branson: "Karara närazylygymyzy bildireris" diýdi. 

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp kararyň beýan edilmeginden soň Twitter arkaly beren beýanatynda: "Ruhany Bransonyň delosy bilen bagly örän köp işledik" diýdi. 

Birnäçe wagt soň Twitteriň üsti bilen ýene-de bir beýanat beren Tramp: "Pikirlerim we dogalarym ruhany Branson bilen bilelikde. Iň gysga wagtda ony öýde görmegi umyt edýärin" diýdi. 

 



Degişli Habarlar