Wise-prezident Fuat Oktaý ertir Ekwatorial Gwineýa sapar gurar

Türkiýäniň Wise-prezidenti Fuat Oktaý Türkiýä Respublikasyna wekilçilik edip, Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 50-nji ýyllygy bilen bagly dabaralara gatnaşmak üçin bu ýurda sapar gurar

Wise-prezident Fuat Oktaý ertir Ekwatorial Gwineýa sapar gurar

Alynan maglumata görä Fuat Oktaý, saparynyň çäginde Ekwatorial Gwineýanyň Prezidenti Teodoro Obiang Nguema Mbasago bilen duşuşyk geçirer.

Saparda Prezident rejep Taýýip Erdoganyň 2014-nji ýylda Ekwatorial Gwineýa guran sapar bilen barha özgermäge başlan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ele almagyna we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşmagyna garaşylýar.

Fuat Oktaý mundan başgada dabara gatnaşan beýleki ýurtlaryň liderleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer, Ekwatorial Gwineýadaky türk raýatlar we türk maýdarlar bilen hem duşuşyk geçirer.



Degişli Habarlar