Mewlüt Çawuşogly Yraga gitdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Yragyň paýtagty Bagdada gitdi

çavuşoğlu 2.jpg

Mewlüt Çawuşogluny Halkara Bagdat howa menzilinde Yragyň Daşary işler ministrliginiň wekili Hazim Ýusuf garşylady.

Garşylamak çäresine Türkiýäniň Bagdatdaky ilçisi Fatih Ýyldyz hem gatnaşdy.

Mewlüt Çawuşogly soň bolsa hökümeti guramak wezipesi berilen Adil Abdulmehdi bilen duşşdy.

Çawuşogly we Abdulmehdi duşuşygy Bagdatdaky Ýaşyl sebitde metbugata ýapyk häsýetde geçdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Yraga guran saparynyň çäginde Milli hikmet akymynyň lideri Ammar El-Hekim bilen hem duşuşdy.

Ýurdyň paýtagty Bagdatda geçen duşuşyk metbugat işgärlerine ýapyk häsýetde geçdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Prezident Berhem Salih, Premýer ministri Haýdar el-Abadi, Mejlisiň başlygy Muhammed el-Halbusi, Bedir guramasynyň lideri Hadi el-Amiri, yrakly beýleki resmiler we türkmen jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar