Daşary işler ministri Çawuşogly Yrakda metbugat ýygnagyny geçirdi

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ozal howpsyzlyk sebäpli ýapylan Basradaky we Mosuldaky konsullyklaryň ýaňadandan açyljakdygyny habar berdi

Daşary işler ministri Çawuşogly Yrakda metbugat ýygnagyny geçirdi

Çawuşogly Yraga guran saparynyň çäginde ýurdyň Prezidenti Berhem Salih bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda Çawuşogly, Türkiýäniň bu etapda Yraga goldawyny ýene-de bir gezek nygtamak üçin bu saparyny gurandygyny habar berdi. 

Yragyň ýaňadandan dikeldilmegi, ykdysady gatnaşyklaryň özgerdilmegi we söwda, maýa goýum ýaly ugurlary duşuşyklarda maslahatlaşandyklaryny aýdan Mewlüt Çawuşogly, terrora garşy göreşiň bilelikde dowam etdirilmeginiň gerekdigi babatynda ylalaşandyklaryny beýan etdi. 

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ozal howpsyzlyk sebäpli ýapylan Basradaky we Mosuldaky konsullyklaryň ýaňadandan açyljakdygyny habar berdi. 

Yragyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin Kuweýt konferensiýasynda Türkiýäniň 5 milliard dollar berjekdigi barada söz berendigini ýatladan Çawuşogly, beren sözleriniň arkasyndadyklaryny mälim etdi. 

Çawuşogly, Yragyň we Türkiýäniň diňe iki goňşy ýurt däl, eýsem şol bir wagtda iki dogan ýurtdygyny belläp, jebislik we hyzmatdaşlyk içinde bolmalydyklaryny beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar