“Afrika ýurtlaryna özara gatnaşyklarymyzda milli pur birliginiň ulanylmagy barada çagyryş berýärin”

Prezident R. T. Erdogan Afrika ýurtlaryna özara gatnaşyklarda milli pul birlikleriniň ulanylmagy barada çagyryş berdi

“Afrika ýurtlaryna özara gatnaşyklarymyzda milli pur birliginiň ulanylmagy barada çagyryş berýärin”

Prezident Erdogan Stambulda geçirlen Türkiýe-Afrika ykdysadyýet we işewürler forumynda eden çykyşynda Türkiýe hökmünde Afrika ýurtlary bilen edilýän hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiklerini nygtadu.

Erdogan “10-15 ýyl ozal diňe belli sebitlerde we ugurlarda ýakyndan tanalýan Türkiýe şu günki günde dünýäniň iň tanymal 6-njy diplomatik ulgamyna eýe bolan ýurt ýagdaýyna geldi” diýdi.

Prezident Erdogan üçünji Türkiýe-Afrika maslahatynyň 2019-njy ýylda Stambulda geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Türkiýäniň dünýäniň iň uly diplomatik wekilhanasynyň Somalide açylandygyna ünsi çeken Erdogan “ Ilçihanalarymyz bilen birlikde Türk Iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy Agentligi TIKA, Ýunus Emre instituty, Magarif gaznasy, Anadoly habarlar gullugy, Türk Howa Ýollary ýaly guramalarymyz arkaly Afrikada uly işleri durmuşa geçirýäris” diýdi.

Dünýäniň Ysraýylyň edýän jenaýatlary meselesinde dymmagy saýlap alandygyny aýdan Erdogan, Afrika ýurtlarynyň bolsa palestinanyň halkyna we gowgasyna goldaw berýändigini aýtdy.

Afrika ýurtlaryna ýüzlenen Erdogan “Afrikaly dostlarymyza, doganlarymyza özara gatnaşyklarymyzda milli pur birliginiň ulanylmagy barada çagyryş berýärin” diýdi.



Degişli Habarlar