Erdogan ABŞ saparyndan ozal beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ tarapyndan Prezident Donald Tramp bilen duşuşmak barada talap bildirilen halatynda, talaby maslahatlaşjakdyklaryny belledi

Erdogan ABŞ saparyndan ozal beýanat berdi

Erdogan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin 23-27-nji sentýabr aralygynda ABŞ-de saparda bolar.

Erdogan Nýu-Ýorka ugramadan ozal, Stambul Atatürk howa menzilinde metbugat ýygnagyny geçirdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynda etjek çykyşy bilen bagly Erdogan: “Çykyşymda ynsanperwer krizislere ünsleri çekip, wyždanlary çuňňur ýaralaýan bu meselelere çözgüt tapylmagy üçin çagyryş bererin” diýdi.

Erdogan Siriýanyň geljegi üçin iň uly meseläniň, Ýewfrat derýasynyň gündogarynda käbir hyzmatdaş güýçleriň hemaýat bermeginde ulalýan, terror batgalydygyny (PKK/PÝD-ÝPG) nygtady.

Erdogan, Siriýa krizisiniň başlamagyna 7 ýyl geçmegine garamazdan, hiç kimiň Türkiýe ýaly elini daşyň aşagynda goýmandygyny belledi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ tarapyndan Prezident Donald Tramp bilen duşuşmak barada talap bildirilen halatynda, talaby maslahatlaşjakdyklaryny belledi.

ABŞ gurajak saparynyň çäginde maýadarlar bilen duşuşjakdyklaryny aýdan Erdogan: “Nýu-Ýorka gurajak saparymdan soň, 27-29-njy sentýabr aralygynda Germaniýa sapar gurarys. Germaniýada ýurdyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen duşuşyk geçireris. Ýewropada artýan daşary ýurt duşmançylygyny we Yslam duşmançylygyny maslahatlaşarys. Hormatly Merkeliň hem rasist aksiýalara garşydygyny bilýäris. PKK we FETÖ ýaly guramalara garşy has täsirli göreşilmegiň üstünde durup geçeris” diýdi.

Eýrandaky terrorçylykly hüjümiň hem üstünde durup geçen Erdogan, wakanyň doly ýagdaýda derňelmändigini, bular ýaly hadysa bilen sebitdäki dartgylygyň has hem artýandygyny belledi.



Degişli Habarlar