Prezident Erdogan halky TEKNOFEST festiwalyna çagyrdy

Erdogan şu gün TEKNOFEST festiwalyna gatnaşar

1054473
Prezident Erdogan halky TEKNOFEST festiwalyna çagyrdy

Prezident R. T. Erdogan şu gün TEKNOFEST festiwalyna gatnaşjakdygyny nygtady we her bir adamy Stambulyň täze howa menziline çagyrdy.

Prezident Erdogan Twitter arkaly beren ýüzlenmesinde “Milli tehnalogiýa göçümi” tolgunşygyny ýaşlar bilen birlikde başdan geçirmek üçin Türkiýäniň ilkinji awiasiýa, älem giňişligi we tehnalogiýa fesitwaly TEKNOFEST-e gatnaşaryn. Her bir adamy TEKNOFEST-e gelip görmegi üçin Stambulyň täze howa menziline çagyrýaryn” diýdi.

20-njy sentýabrda dabaraly ýagdaýda açylan TEKNOFEST Stambul 23-nji sentýabra çenli dowam eder.



Degişli Habarlar