Prezident Erdogan: “Rus Kärdeşim Bilen Bilelikdäki Beýanatym Sebite Umyt Getirer”

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen berjek umumy beýanatynyň Siriýanyň Idlib sebitinde täze bir umyt getirjekdigini habar berdi

1051151
Prezident Erdogan: “Rus Kärdeşim Bilen Bilelikdäki Beýanatym Sebite Umyt Getirer”

Soňky 10 günde 2-nji gezek duşuşyk geçirýän Erdogan bilen Putin, Russiýanyň Soçi şäherinde Döwlet baştutanyň resmi kabulhanasynda gepleşikler geçirmäge başladylar. 

Duşuşykdan ozal gysga wagtlyk beýanat beren Erdogan: "Syýasy, harby, ykdysady ençeme mesele babatyndaky maslahatlaşmalarymyz biri-birimizi güýçlendirjek derejededir. Häzirki wagtda dünýäniň bar ünsi Soçide. Bu ýerden beriljek umumy bir beýanat sebite täze bir umyt getirer" diýdi. 

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Putin bolsa öz gezeginde: "Maslahatlaşmmagymyz gerek ençeme meselämiz bar. Käbirleri möhüm meseleler. Bulary hem gözden geçireris hem-de olaryň çözgüt ýollaryny gözläris" diýdi. 

Putin: "Türkiýe bilen gatnaşyklarymyz oňyn ýagdaýda dowam edýär, söwda taýdan uly ösüşler etdik. Sebitiň howpsyzlygy taýdan hem gatnaşyklarymyz özgerýär. Mundan başgada halkara syýasatda hem gatnaşyklarymyz ösýär" diýdi. 

Duşuşykda iki lider Siriýanyň Idlib sebitinde başdan geçirilen soňky wakalary ele alýarlar. 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #Putin , #Soçi , #Idlib

Degişli Habarlar