"Türkiýe Siriýada parahatçylygyň üpjün edilmegini isleýär"

Mewlüt Çawuşogly Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi

"Türkiýe Siriýada parahatçylygyň üpjün edilmegini isleýär"

Resmi sapar bilen Pakistana giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Siriýa we Idlib meselesinde Türkiýäniň tutanýerli tutum alyp barýandygyny aýdan Ministr Çawuşogly, Türkiýäniň Siriýada parahatçylygyň üpjün edilmegini we meseläniň syýasy taýdan çözülmegini isleýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Siriýa meselesiniň çözülmegi üçin Astanada we Ženewada uly tagalla edendigini aýdan Çawuşogly, Siriýanyň geljegine wehim salýan terrora garşy göreşde tutanýerli tutum alyp barýandyklaryny ýatlatdy.

Çawuşogly “Biz terrora garşy göreş meselesinde ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýar, emma terror guramasyna garşy göreş bahanasy bilen asuda ilatyň, zenanlaryň we çagalaryň öldürilmegi nädogry. Asuda ilatyň öldürilmegi bilen sebitde parahatçylyk we durnuklylyk üpjün edilip bilinmez” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar