Prezident Erdogan ertir Azerbaýjana gidýär

Erdogan Bakuwyň azat edilmeginiň 100 ýylygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin ertir Azerbaýjana gidýär

Prezident Erdogan ertir Azerbaýjana gidýär

Prezident R. T. Erdogan Bakuwyň azat edilmeginiň 100 ýylygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin ertir Azerbaýjana gidýär.

Prezidentiň metbugat gullugyndan berlen beýanata görä, Erdogan resmi saparynyň çäginde Kawkaz Yslam guramasynyň döredilen gününiň we Bakuwyň azat edilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşar.

Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin durmuşa geçiriljek işleriň seljerilmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar