Germaniýanyň Daşary işler ministri Türkiýä sagbolsun aýtdy

Maaş “Bu meselede olara köp sagbolsun aýdýaryn” diýdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Türkiýä sagbolsun aýtdy

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maaş Eýranyň paýtagty Tähranda geçirlen Siriýa maslahatynda hüjümleriň bes edilmegi üçin tutanýerli tutum alyp barýan Türkiýä sagbolsun aýtdy.

Maaş Berlinde metbugata beren beýanatynda Idlibde we töwereklerinde adamzat pajygasynyň başdan geçirilmezliginiň öňüni almak üçin ellerinden geleni edendiklerini belledi.

Idlib meselesinde türk ýolbaşçylar bilen geçirýän gepleşikleriniň dowam edýändigini aýdan Maaş, türk ýolbaşçylarynyň geçen hepde Tähranda Russiýaly we Eýranly ýolbaşçylar bilen duşuşandygyna we hüjümleriň bes edilmegi meselesinde tutanýerli tutum alyp barandyklaryna ünsi çekdi we “Bu meselede olara köp sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen öňňin gepleşik geçirendigini aýdan Maaş, Russiýanyň Daşary işler ministri Sereý Lawrow bilen hem şu gün Berlinde duşuşjakdygyny we Siriýa barada pikir alyşjakdygyny ýatlatdy.

 

 

 



Degişli Habarlar