Erdogan: “Indi ABŞ sebäpli döwletleriň syýasy we ykdysady howpsyzlygy galmady”

Erdogan; Raýatlarymyza ýüzlenýärin, pulumyza, puluňyza ynanyň” diýdi

Erdogan: “Indi ABŞ sebäpli döwletleriň syýasy we ykdysady howpsyzlygy galmady”

Prezident R.T.Erdogan ABŞ-nyň abaý-syýasatlary sebäpli indi döwletleriň syýasy we ykdysady howpsyzlyklarynyň galmandygyny aýtdy.

Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň welaýat başlyklarynyň giňeldilen maslahatyna gatnaşdy.

Çykyşynda walýuta kurslarynyň ýokarlamagy barada durup geçen Erdogan, walýutanyň kursunyň awgust aýynda birdenkä 7 türk lirasyna çenli ýokarlamagynyň özüniň ykdysady kast etmäniň görkezijisidigini aýtdy.

Erdygan; “Amerikan hökümetiniň ýurdumyzyň özygtyýarlylyk hukuklaryna aç-açan sarp goýmazlyk isleglerini kanagatlandyrmandygymyz üçin şeýle netijäniň ýüze çykmagy, meseläniň dolulygyna syýasydygyny görkezýär. Türkiýäniň başdan geçiren hadysasy dünýäde indi ABŞ sebäpli döwletleriň syýasy we ykdysady howpsyzlygynyň galmandygyny görkezýär” diýdi.

Ýokary göterimiň we ýokary walýuta kursunyň imperial serişdedigine ünsi çeken Erdogan; “Türkiýä walýuta kursy arkaly zarba urmak isleýänlere jogabymyzu, walýuta kursunyň ýeten derejesiniň amatlyklaryny eksportumyzda we şonuň bilen baglylykda önümçilikde, iş üpjünçiliginde görkezmek arkaly bereliň” diýdi.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlara ýüzlenen Erdogan; “Döwlede goşmaça girdeji getirjek altyn we ýewro wekselleri bilen kireý sertifikatlaryndan peýdalanmaga çagyrýaryn” diýdi.

Milli pul birliginiň peýdalanylmagynyň ähmiýetine ünsi çeken Erdogan; “Eksport we import bilen işi bolmadyklaryň walýuta bilen işi bolmaly däl. Raýatlarymyza ýüzlenýärin, pulumyza, puluňyza ynanyň” diýdi.



Degişli Habarlar