Erdogan: “Ykdysady çökgünlik däl, manipulýasiýa”

Prezident R.T.Erdogan türk ykdysadyýetiniň başdan geçirýän şertleriniň “çölgünlik däl, eýsem manipylýasiýadygyny” nygtap, walýuta kurslaryndaky durnuksyzlyklara garşy goşmaça çäreleriň görüljekdigini aýtdy

1048868
Erdogan: “Ykdysady çökgünlik däl, manipulýasiýa”

Erdogan paýtagt Ankarada geçirilen Türkiýäniň Satygçylarynyň we senetkärleriniň konfederasiýasynyň 20-nji nobatdaky maslahatyna gatnaşdy.

Erdogan maslahatda sözlän sözünde Türkiýäniň soňky ýyllarda köçe bidüzgünçilikleri, agdarlyşyk synanşygy, terror guramalarynyň hüjümleri we ykdysady jenaýatçylyk ýaly ähli hüjümlere sezewar bolandygyny aýtdy.

Erdogan; “Başdan geçirilen şunça waka seretmezden syýasy durnuklylygymyz, ykdysady güýjümiz we sosial bitewiligimiz zyýan çekmedi” diýdi.

Erdogan walýuta kursundaky durnuksyzlygyň başda durmagynda ykdysadyýete ýaramaz täsir ýetirýän ähli hadysalary erkin bazaryň düzügünleriniň çäginde çözmek ugrunda göreşýändiklerini nygtady.

Türk ykdysadyýetiniň çökgünlikde däl, eýsem manipulýasiýa sezewar bolandygyny nygtan Erdogan; “Walýuta kursundaky durnuksyzlygyň öňüni almak üçin birnäçe çäre gördük, görýäris. Şol çäkde goşmaça çäreler görüler” diýdi.

Ýokary göterimiň inflýasiýanyň ýokarlamagyna sebäp bolýandygyny nygtan Erdogan; “Göterim diýilýän bu ekspluatirleýiji serişdäni ulanmakda asla araçy bolmarys” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Ankara , #walýuta

Degişli Habarlar