Türkiýe Siriýanyň Idlib şäherindäki ähli harby operasiýalaryň bes edilmegi barada çagyryşy berdi

Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Feridun Sinirlioglu BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Siriýanyň Idlib şäherindäki ähli harby operasiýalaryň bes edilmegi barada çagyryş berdi

Türkiýe Siriýanyň Idlib şäherindäki ähli harby operasiýalaryň bes edilmegi  barada çagyryşy berdi

Sinirlioglu Russiýanyň çagyryşyna laýyklykda jemlenşen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Prezident R. T. Erdoganyň, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda anna güni Tähranda geçirlen maslahatyň netijeleri hakynda agza ýurtlara maglumat berdi.

Astana gepleşikleriniň Siriýada çaknyşyklaryň azaldylmagy we syýasy etabyň depgininiň güýçlendirilmegi maksady bilen geçirlendigini ýatladan Sinirlioglu, Tähranda geçirlen maslahatda hem Idlib meselesiniň seljerlendigini nygtady.

Prezident Erdoganyň Tähranda hüjümleriň bes edilmegi barada çagyryş berendigini ýatladan Sinirlioglu, Idlibde ähli harby operasiýalaryň bes edilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berdi.

Sinirlioglu “Idlibe guraljak harby operasiýalar şübhesiz uly betbagtçylyga sebäp bolar, bosgun akymy başlar, Türkiýe we Ýewropa bilen birlikde beýleki ýurtlar üçin hem howply” diýdi.

Feridun Sinirlioglu Türkiýäniň 3,5 million bosgun bilen dünýäde iň köp bosguna ýer eýeçiligini edýän ýurtdygyny ýatlatdy.

Idlibde millionlarça adamyň geljegine howp abanýandygyny aýdan Sinirlioglu “Bu halkara jemgyýetçiliginiň esasy wezipesi. Şu günki günde Idlibde bize alada bilen garaýanlar terrorçy däl 3,5 millionlyk asuda ilat we 1 milliony çaga. Olaryň arzuw-hyýalyny puja çykaryp bilmeris” diýdi.

 


Etiketkalar: Idlib , Türkiýe , BMG

Degişli Habarlar