Reýhanly hüjüminiň jogapkäri terrorçy Ýusuf Nazik Türkiýä getirildi

2013-nji ýylda Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabyndaky terrorçylykly hüjümiň meýilleşdirjisi, terrorçy Ýusuf Nazik Milli Howpsyzlyk gullugy tarapyndan Siriýada tussag edilip, Türkiýä getirildi

reyhanli saldiri.jpg

Terrorçy ilkinji beren beýanatynda Reýhanly etrabynda 53 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hyýanatçylykly hüjümi Siriýanyň Razwedka gullugyndan alan buýrugynyň esasynda gurandygyny habar berip: “Siriýa döwletine seslenýärin, Türkiýä döwleti örän beýikdir, onuň hasabyny elbetde sizden sorar” diýip belledi.

Reýhanly etrabyndaky bombaly hüjümde hüjümçileri ugrukdyran we Siriýanyň Razwedkasy bilen aragatnaşyk saklan Ýusuf Nazik, Siriýanyň Latakiýa şäherinde Türkiýäniň Milli Howpsyzlyk gullugy tarapyndan geçirilen operasiýa arkaly tussag edildi.  

Gözlenýänleriň sanawynda “Gök” kategoriýada bolan Nazik, Milli Howpsyzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan ele salynmagyndan soň, howpsyz ýollaryň üsti bilen Türkiýä getirilip, soraga çekildi.

Terrorçy Ýusuf Nazik, sorag-jogapda Siriýanyň Razwedka gullugyndan alan buýrugynyň esasynda, Türkiýede hüjüm guramak üçin taýýarlyk görüp başlandygyny, ýer gözlegine çykandygyny, partlaýjy maddalary Siriýadan Türkiýä getirtdirendigini we tapan iki aýry ulaga ýerleşdirilmegini üpjün edendigini boýun aldy.

Terrorçy mundan başgada Reýhanly hüjüminde rolunyň bardygy bilinýän Mihraç Ural barada hem maglumatlar berdi.

Hüjüme gatnaşan beýleki gaçgak terrorçylary hem boýun egmäge çagyran terrorçy, sorag-jogap işlerinde Antakýada dogulandygyny habar berip, maşgalasy barada maglumat bereninden soň, Reýhanly etrabyndaky hüjümi terrorçy dostlary bilen bilelikde edendigini mälim etdi.

Hüjüm guramak baradaky buýrugy Siriýanyň Razwedka gullugyndan alandygyny aýdan terrorçy: “Türkiýe döwletinden gaçyp bilmedim, ökünýän. Meni Siriýada tussag edip, getirdiler. Siriýadaky tanyşlaryma seslenýärin, ýol ýakyn wagty däniň, Türk döwleti bize eýe çykar, öz döwletimiz bize eýe çykar. Siriýa döwletinde seslenýärin, Türkiýä döwleti örän beýikdir, munyň hasabyny elbetde sizden sorar” diýip belledi.



Degişli Habarlar