Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ertir Pakistana gider

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Çawuşoglynyň Pakistanyň Daşary işler ministri Mahdum Şah Mahmud Kureýşiniň myhmany hökmünde ertir Pakistana gitjekdigi nygtaldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ertir Pakistana gider

Beýanatda Çawuşoglynyň iki günlük resmi saparynyň çäginde kärdeşi Kureýşi bilen duşuşjakdygy, Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi we Premýer ministri İmran Han tarapyndan kabul ediljekdigi bellenildi.

Beýanatda Daşary işler ministri Çawuşoglynyň saparynyň çäginde Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň seljeriljekdigi ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar