“Ylalaşygyň hökmany suratda dowam etdirilmegini isleýäris”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýanyň Idlib welaýatynda hüjümleriň bes edilmegi babatynda gazanylan ylalaşygyň dowam etdirilmegini isleýändiklerini aýtdy

“Ylalaşygyň hökmany suratda dowam etdirilmegini isleýäris”

Owganystanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Rahim Janyň ýer eýeçiliginde Owganystanyň garaşsyzlygynyň 99 ýyllygyna bagyşlanyp Ankarada banket berildi.

Bankede gatnaşan Ministr Akar çykyşynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berdi.

Idlib meselesinde Astana etabynyň çäginde gazanylan ylalaşygy ýatladan Akar “Şol ylalaşygyň hökmany suratda dowam etdirilmegini isleýäris” diýdi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar ylalaşyga garamazdan Idlibe hüjüm guralan halatynda asuda ilatyň, çagalaryň we ýaşulylaryň uly ýitgi çekjekdigini belledi.

Akar “Gury ýerden we howadan guralýan hüjümleriň bes edilmegi we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin tagalla edýäris” diýdi.

Hulusi Akar “Al Kaida bilen birlikde FETÖ,PKK/PÝD/ÝPG, PŽAK, DAIŞ ýaly ähli terror guramasyna garşy göreş soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä dowam eder” diýip belledi.

 


Etiketkalar: ilçi , Owganystan , Hulusi Akar

Degişli Habarlar