Ýaponiýaly Şa aýal Akiko Mikasanomiýa paýtagt Ankarada saparda boldy

Şa aýal Akiko Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrym tarapyndan kabul edildi

akiko miksanomiya-tirnak bayraklar.jpg
akiko miksanomiya-cavusoglu.jpg

Binali Ýyldyrymyň resmi kabulhanasyndaky kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Ýaponiýaly Şa aýal soň bolsa Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy.

Duşuşykda Şa aýal Akikonyň dyrnaklaryny Türkiýäniň we Ýaponiýanyň baýdaklary bilen bezemegi ünsleri özüne çekdi.

Türkiýede saparda bolýan Ýaponiýaly Şa aýal Akiko Mikasanomiýa paýtagt Ankaradaky saparynyň çäginde Atatürkiň aramgähine bardy.

Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýan we hormatly dymyşlyk eden Akiko, aramgähiň ýörite depderine hem ýatlama sözlerini ýazdy.

Şa aýal Akiko soň bolsa Türk-ýapon medeniýet merkezine bardy.

Mikasanomiýa, kakasy Ýapon Şasy Takahitonyň gaznanyň ýerleşýän howlusyna 1993-nji ýylda oturdan agajynyň ýanyndaky meýdana Türk-Ýapon gaznasy medeniýet merkeziniň 20 ýyllygy mynasibetli agaç oturtdy

Akikonyň sapary 14-nji sentýabra çenli dowam eder.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar