Türkiýe Somalide häkimligiň öňünde bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümi näletledi

Türkiýe Somaliniň paýtagty Mogadişuda häkimligiň öňünde bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümi näletledi

Türkiýe Somalide häkimligiň öňünde bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümi näletledi

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda paýtagt Moşadişuda bomba ýüklenen ulag bilen guralan, birnäçe adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüme uly gynanç bildirildi.

Beýanatda “Somaliniň durnuklylyny nyşana alan hyýanatçylykly hüjümi näletleýäris. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa, Somaliniň hökümetine we halkyna gynanç bildirýäris” diýildi.

Somaliniň paýtagty Mogadişuda häkimligiň öňünde bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, azyndan 6 adam ýogalypdy, 16 adam ýaralanypdy.

 

 

 


Etiketkalar: näletlemek , Somali , Türkiýe

Degişli Habarlar