Türkiýe Liwiýanyň Milli nebit firmasyna guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Liwiýanyň paýtagty Tripolide Liwiýanyň Milli nebit firmasyna guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Liwiýanyň Milli nebit firmasyna guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, “Liwiýanyň durnuklylygy we asudalygy taýdan esasy orun eýeleýän firma guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys” diýildi.

Beýanatda düýn Tripolide Milli nebit firmasynyň merkezi jaýyna guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlara we ýaralananlara uly gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Beýanatda “Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, dost Liwiýanyň hökümetine we doganlyk ýurt Liwiýanyň halkyna uly gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Liwiýanyň paýtagty Tripolide Liwiýanyň Milli nebit firmasyna guralan ýaragly hüjümde 2 howpsyzlyk işgäri ýogalypdy, 10 adam ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar