Idlibe we Latakiýa 145 ulag azyk, okuw esbaplary, çörek, derman we egin-eşik ugradyldy

Ynsanperwer kömeginiň dowam eder

Idlibe we Latakiýa 145 ulag azyk, okuw esbaplary, çörek, derman we egin-eşik ugradyldy

Türkiýe soňky bir aýyň dowamynda Siriýanyň Idlib we Latakiýe welaýatlarynyň çetki etraplaryna 145 ulag azyk, okuw esbaplary, çörek, derman we egin-eşik kömegini ugratdy

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Serhet kömekleriniň operatiw ýolbaşçysy Hakan Sary 2011-nji ýylda urşuň başlamagyndan bäri siriýalylara uly goldawyň berilýändigini aýtdy.

Şol çäkde Idlibiň we Latakiýanyň çetki etraplaryna ynsanperwer kömeginiň berilmäge dowam edýändigini nygtan Sary: “Guramamyz we köp sanly haýyrsöýeriň goldaw bermeginde esasy bölegi Idlibiň we Latakiýanyň çetki etraplaryndaky Türkmendagy we Jebel Akrad etrapçasyna 30 günüň dowamynda jemi 145 ulag kömek ugradyldy. Azyk, egin-eşik, okuw esbaplary, arassaçylyk önümleri halka ýetirildi” diýdi.

Sary ynsanperwer kömeginiň dowam etjekdigini sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar