Erdogan: “İdlibe guraljak hüjüm Türkiýä, Ýewropa we beýleki ýurtlara howp döreder”

Prezident R.T.Erdogan Siriýanyň hökümetiniň İdlibe gurajak hüjüminiň Türkiýä, Ýewropanyň galan bölegine we beýleki ýurtlara gumanitar hem-de howpsyzlyk wehimlerini ýüze çykarjakdygyny beýan etdi

Erdogan: “İdlibe guraljak hüjüm Türkiýä, Ýewropa we beýleki ýurtlara howp döreder”

R.T.Erdogan Amerikanyň “Woll Strit Jornal” gazetine ýazan makalasynda; “İdlibe hüjüm guralma ähtimallygy güýçlenýärkä halkara jemgyýetçiligi jogapkärçiligini ünsden düşürmeli däl. Çekinjeňligiň netijesi agyr bolar. Siriýanyň halkyny Başar Asadyň merhemedine mejbur etmeris” diýip ýazdy.

Erdogan “Woll Strit Jornal” gazetine ýazan “Dünýä Asady duruzmaly” atly makalasynda İdlib şäherindäki soňky wakalar we Türkiýäniň eýeleýän pozisiýasyny analiz etdi.

Türkiýäniň İdlib meselesinde elinden gelen tagallany edendigine ünsi çeken Erdogan, Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Siriýada soňky 7 ýylda eden işleriniň hemmelere mälimdigini nygtady.

Siriýanyň hökümetiniň İdlibe guramagy ähtinal hüjümine ünsi çeken Erdogan; “Hökümetiň İdlibe hüjüm guramakdaky maksady terrorçylyga garşy hakyky we netijeli göreşmek däl, oppozisiýany tapawut goýmazdan ýok etmek” diýip ýazdy.

Prezident makalasynda; “İdlib köprüden ozalky soňky çykalga. Eger Ýewropa we ABŞ dessine işe girişmese, diňe bir bigünä siriýalylar däl, bütin dünýä onuň jerimesini çekmeli bolar. Türkiýe golaýynda edilmegi ähtimal gyrgynçylygyň öňüni almak üçin elinden geleni etdi” diýýär.

Türkiýäniň 3,5 milliondan gowrak siriýalyny kabul edip, uly pidakärlik edendigine ünsi çeken Erdogan; “Şol döwürde golaýymyzda iş alyp baran terror guramalarynyň hüjümlerine sezewar bolduk. Toslama Yslam döwleti (DAİŞ) we terror guramasy PKK. Ne ynsanperwer kömekleriň agyr gymmaty ne-de howpsyzlyk aladalary bize egilşik etdirip bilmedi” diýip nygtady.

İdlib meselesinde ABŞ-na ýüzlenen Prezident Erdogan, resmi Moskwa we Tährana hem çagyryş etdi. Erdogan makalasyny şeýle dowam etdirdi: “Himili hüjümlere ünsi çemeleşýän ABŞ, ölümleriň arasynda islege bagly tapawut goýmaly däl. Konwensional ýaraglar has agyr ýitgilere sebäp bolýar. Emma goňşudaky gyrgynçylygyň öňüni almak borjy diňe bir günbatara degişli däl. Astana tapgyryndaky hyzmatdaşlarymyz Russiýa bilen Eýran hem bu gumanitar pajyganyň öňüni almakda deň derejede borçludyr.”

Erdogan makalasynda: “Siriýanyň hökümeti öz hüjümlerini terrorçylyga garşy göreş arkaly legallaşdyrmaga synanşýar. Bu meselede ýalňyşmalyň. Terrorçylyga garşy göreşde Türkiýäniň pozisiýasy ähli ýurtlaryňkydan berkdir. Başar Asadyň çözgüdi ýalňyş. Bigünä adamlar terrorçylyga garşy bahanasy bilen pida edilýär. Ol diňe bir radikalizme we terrorizme täze şertler döreder. DAİŞ-iň ýüze çykyşy Siriýada başdan geçirilenleriň netijesidi, sebäbi däl” diýip ýazdy.

 


Etiketkalar: Ýewropa , Idlib , Erdogan

Degişli Habarlar