Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ruminiýada saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň-Ruminiýanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn maslahatyna gatnaşmak üçin Ruminiýa gitdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ruminiýada saparda bolýar

Ruminiýadaky saparyna Parlament köşgünden başlan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ruminiýanyň Wekiller mejlisiniň başlygy Liwiu Dragnea bilen duşuşdy

Çawuşogly soň bolsa Ruminiýanyň Daşary işler ministri Teodor Meleskanu we Polşanyň Daşary işler ministri Szaputowiç bilen duşuşdy.

Daşary işler ministri iş saparynyň çäginde  Ruminiýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannis tarapyndan hem kabul edildi.

Şu gün geçiriljek Türkiýäniň-Ruminiýanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda özara syýasy we harby gatnaşyklar bilen birlikde NATO-nyň iýul aýynda Brýusselde geçirlen maslahatynda kabul edilen kararlar ara alnyp maslahatlaşylar.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar