Akar 2 türk esgeriniň yzyna berilmeginden hoşal

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar mesele bilen bagly beýanat berdi

Akar 2 türk esgeriniň yzyna berilmeginden hoşal

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Gresiýanyň ýekşenbe güni ýalňyşlyk bilen serhedi geçendigi sebäpli saklanan 2 türk esgeriniň yzyna berilmeginiň goňşuçylyk gatnaşyklaryna bap gelýän oňyn wakadygyny aýtdy.

Akar “iki esgerimiz ýalňyşlyk bilen serhedi geçendigi sebäpli Gresiýaly ýolbaşçylar tarapyndan saklandy. Gresiýanyň Goranmak ministri Panos Kammenos bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligimizden gysga wagt soň iki esgerimiz yzyna berildi. Wakanyň gysga wagtda oňyn ýagdaýda çözülendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

 


Etiketkalar: esger , Gresiýa , Hulusi Akar

Degişli Habarlar