Ýaponiýaly Şa aýal Akiko Atatürkiň aramgahine bardy

Türkiýä gelen Şa aýal Akiko Prezident Erdogan tarapyndan düýn Stambulda Mabeýn köşgünde kabul edilipdi

Ýaponiýaly Şa aýal Akiko Atatürkiň aramgahine bardy

Ýaponiýaly Şa aýal Akiko Mikasanomiýa Atatürkiň aramgahine bardy

Türkiýede saparda bolýan Ýaponiýaly Şa aýal Akiko Mikasanomiýa paýtagt Ankaradaky saparynyň çäginde Atatürkiň aramgähine bardy.

Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýan we hormatly dymyşlyk eden Akiko, aramgähiň ýörite depderine hem ýatlama sözlerini ýazdy.

Şa aýal Akiko soň bolsa Türk-ýapon medeniýet merkezine bardy.

Mikasanomiýa, kakasy Ýapon Şasy Takahitonyň gaznanyň ýerleşýän howlusyna 1993-nji ýylda oturdan agajynyň ýanyndaky meýdana Türk-Ýapon gaznasy medeniýet merkeziniň 20 ýyllygy mynasibetli agaç oturtdy

Türkiýä gelen Şa aýal Akiko Prezident R. T. Erdogan tarapyndan düýn Stambulda Mabeýn köşgünde kabul edilipdi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen hem duşuşjak Akikonyň sapary 14-nji sentýabra çenli dowam eder.

 

 



Degişli Habarlar