Türkiýe özüniň Siriýa serhedine goşmaça harby güýç iberýär

Siriýa serhedindäki harby güýçlere goşmaça güýç hökmünde iberilen harby ulaglar Kilis welaýatyna baryp ýetdi

Türkiýe özüniň Siriýa serhedine goşmaça harby güýç iberýär

Ýurdyň tapawutly ýerlerindäki harby bölümlerinden iberilen we aralarynda taňklar we gaubisalar bolan ulag kerweni Kilisiň merkezinden geçip, welaýatyň Siriýa serhedine baryp ýetdi.

Howpsyzlyk çäreleri astynda alynyp barylýan harby ulag kerweni, serhediň Siriýa tarapyndaky harby güýçlere goşmaça güýç maksatly iberilendigi habar berildi.


Etiketkalar: güýç , Siriýa , serhet

Degişli Habarlar