Ministr Pakdemirli Sudanda saparda bolýar

Sudan-Türkiýe gatnaşyklary günsaýyn ösýär

Ministr Pakdemirli Sudanda saparda bolýar

Oba hojalyk we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli Türkiýe bilen Sudanyň arasyndaky söwda mukdarynda 10 milliard dollara ýetmegiň maksat edinilýändigini aýtdy

Bekir Pakdemirli Sudan-Türkiýe Ykdysady maslahatyda sözlän sözünde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň günsaýyn ösýändigine ünsi çekdi.

Sudanyň Oba hojalyk we tokaý hojalygy ministri Abdullah Süleýman bolsa çykyşynda türkler bilen işleşmegi arzuw edýändiklerini nygtap; “Sudanda giň ekin meýdanlary bar we ony özleşdirjek adam gerek. Ýer Sudanda bar, emma tehnologiýa Türkiýede” diýdi.

Söwda ministriniň orunbasary Fatih Metin bolsa maslahatda sözlän sözünde; “Türkiýe Sudany Afrikanyň gapysy hökmünde kabul edýär” diýdi.

Ministr Pakdemirli Sudandaky kärhanalardan birine baryp gördi we ol ýerde Britaniýa, Hytaý, ABŞ, Fransiýa ýaly köp sanly ýurduň gelejekde azyk üpjünçiligini ýola goýmak üçin Afrikada ekerançylyk meýdanlaryny kireýine alýandygyna ünsi çekip; “Biz hem Sudanda şeýle işe girişmek isleýär. Şertnamalaýyn ekişe başladyk. Onsuz hem pagta boýunça gowy netijeler alynmaga başlady. Saparymyzyň dowamynda oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegi boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylmagyna garaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar