Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrora garşy göreş dowam edýär

Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyna guralan howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştabdan berlen beýanata görä, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Hakurk etrapçasyna düýn howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde türk harby merkezlerine hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanylan ekstremist terror guramasyna agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Awaşin-Basýan etrapçasynda guralan howa hüjüminde hem PKK-ly 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 

 



Degişli Habarlar