Prezident Erdogan Idlib bilen bagly beýanat berdi

Rejep Taýýip Erdogan Siriýanyň Idlib şäherine guralmagy ähtimal operasiýanyň döretjek ynsanperwer drama we bosgun tolkunyna ünsleri çekip: “Türkiýe hasaplaşmaly däl” diýdi

Prezident Erdogan Idlib bilen bagly beýanat berdi

7-nji sentýabrda Eýranyň paýtagty Tähranda Türkiýe-Eýran-Russiýa Üçtaraplaýyn Siriýa temaly maslahata gatnaşanyndan soň, gaýdyşyn uçarda metbugat işgärlerine beýanat beren Prezident Erdogan, maslahatda beren parahatçylyk ýüzlenmesiniň diplomatik dil bilen umumy beýannamada ýerini alandygyny habar berdi.   

Idlib meselesinde oňyn bir netije aljakdyklaryna ynanýandygyny aýdan Erdogan, parahatçylyk ylalaşygynyň dowam etdirilmegi babatynda memorandumyň möhümdigini belledi.

Erdogan Siriýanyň Idlib şäherine guralmagy ähtimal operasiýanyň döretjek ynsanperwer drama we bosgun tolkunyna ünsleri çekip: “Türkiýe hasaplaşmaly däl” diýdi.

“Idlibde himiki ýarag ulanylar” diýip beýanat berenlere reaksiýa bildiren Erdogan: “Himiki ýarag, kör bahana” diýip belledi.

“Diňe himiki ýarag howpynyň üstünde durmak, ýönekeý ýaraglar bilen öldürilýän adamlara üns bermezlik, dogry bir hereket däldir” diýen Erdogan, bu etapda Russiýanyň jogapkärçiliginiň uludygyny habar berdi.

ABŞ-ni ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG-niň üsti bilen tankyt eden Erdogan, resmi Waşingtonyň Siriýada başdan geçirilýänleri tribunadan tomaşa edýändigini nygtady.

Türk lider Manbijde sözünde durmaýan ABŞ-niň terror guramasyny nebit bilen doýurýandygyny nygtady.

Erdogan Siriýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmek babatyndaky meýilnamalarada gapylaryny ýapdy.

14-nji sentýabrda Stambulda Türkiýäniň, Russiýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň wekilleriniň bir ýere jemlenjekdigini aýdan Prezident Erdogan, ondan soň bolsa Liderler maslahatynyň geçirilip bilinjekdigini habar berdi.

Erdogan Russiýanyň Döwlet Baştutany Putin bilen Germaniýa saparyndan soň, ýene-de bir gezek duşuşyp biljekdigini mälim etdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň, Russiýa we Hytaý tarapyndan Wostok-2018 atly harby türgenleşige çagyrylandygyny beýan etdi.


Etiketkalar: himiki ýarag , Idlib , Erdogan

Degişli Habarlar