Türkiýe raýatlaryny Basrada protest ýörişleriniň geçirilýän ýerlerinden çetde durmaga çagyrdy

Türkiýe raýatlaryna Yragyň Basra welaýatynda protest ýörişleriniň geçirilýän ýerlerinden çetde durmaklaryny maslahat berdi

Türkiýe raýatlaryny Basrada protest ýörişleriniň geçirilýän ýerlerinden çetde durmaga çagyrdy

 

Türkiýe raýatlaryna Yragyň Basra welaýatynda protest ýörişleriniň geçirilýän ýerlerinden çetde durmaklaryny maslahat berdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Yragyň Basra şäherine gitjek türk raýatlarynyň howpsyzlygy üçin protest ýörişleriniň geçirilýän ýerlerinden çetde durmaklaryny maslahat berdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Basrada başdan geçirilýän wakalara uly alada bildirýändiklerini nygtady.

Beýanatda “ Türkiýe Yragyň hökümetiniň, dost we doganlyk ýurt yragyň halkynyň başdan geçirýän kynçylyklarynyň hötdesinden gelmegi üçin kömek bermäge dowam eder. Biz Basra welaýatynda gysga wagtda howpsyzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin ähli taraplaýyn taýar” diýildi.

 

 

 



Degişli Habarlar