Terrora garşy göreşde bir hepde-de 62 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýalarda terrorçylara degişli köp sanly ýarag bilen ok-däri ele geçirildi

Terrora garşy göreşde bir hepde-de 62 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän operasiýalaryň çäginde soňky bir hepde-de 4-i guramanyň lideri bolmak bilen jemi 62 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türk ýaragly güýçleri howpsyzlygyň üpjün edilmegi maksady bilen ýurduň içinde we daşynda ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG-niň we DAIŞ-iň başda durmagynda terror guramalaryna garşy tutanýerli göreşini dowam etdirýär.

2018-nji ýylyň awgust aýynyň 31-i bilen sentýabr aýynyň 6-sy aralygynda PKK/KCK-a garşy Şyrnak, Siirt, Hakkari, Diýarbakyr, Mardin welaýatlarynda we Yragyň demirgazygynda giň gerimli operasiýalar geçirildi.

Operasiýalarda biri gyzyl sanawda gözlenýän guramanyň 4 lideri bilen birlikde ýurduň içinde 22 we daşary ýurtda 40 bolmak bilen jemi 62 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýalarda terrorçylara degişli köp sanly ýarag bilen ok-däri ele geçirildi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar