“Siriýanyň hökümetiniň bähidi üçin on müňlerçe adamyň öldürilmegine rugsat bermeris"

Erdogan Tähranda geçirlen Türkiýe-Russiýa-Eýran üçtaraplaýyn maslahat barada Twitter arkaly iňlis, rus we arap dillerinde ýüzlenme berdi

“Siriýanyň hökümetiniň  bähidi üçin on müňlerçe adamyň öldürilmegine rugsat bermeris"

 

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň Siriýanyň hökümetiniň bähbidi üçin on müňlerçe adamyň öldürilmegine biperwaý çemeleşip bilmejekdigini aýtdy.

Erdogan düýn Eýranyň paýtagty Tähranda geçirlen Türkiýe-Russiýa-Eýran üçtaraplaýyn maslahat barada Twitter arkaly iňlis, rus we arap dillerinde ýüzlenme berdi.

Türkiýäniň başyndan bäri Siriýada akýan ganyň durmagy üçin göreşýändigini we siriýaly doganlaryna eýe çykandygyny aýdan Erdogan, düýn bolşy ýaly şu günki günde hem ýekeje siriýalynyň ejir çekmegini islemeýändigini nygtady.

Erdogan maslahatda siriýaly asuda ilatyň howpsyzlygynyň üpjün edilmezliniň terrorçylar üçin amatly pursat döretmekden başga hiç hili peýdasynyň ýokdygyna aýratyn ünsi çekendiklerini belledi.

“Asadyň bähidi üçin on müňlerçe adamyň öldürilmegine rugsat bermeris” diýen Erdogan, “Idlib meselesi täze gussalara, ýitgilere, täze dartgynlyklara sebäp bolmazdan Astana ylalaşygynyň çäginde çözülmeli. Astanada gazanylan ylalaşyk Siriýa krizisine syýasy çözgüdiň tapylmagy taýdan möhüm. Terrora garşy göreş bahanasy bilen Siriýanyň territorial bitewiligi bilen goňşy ýurtlaryň milli howpsyzlygyna wehim salýan hereketlere garşy berk tutum alnyp barylmaly” diýdi.

Prezident Erdogan 3,5 million siriýala ýer eýeçiligini edýän ýurt hökmünde, bosgunlaryň meýletin we howpsyz ýagdaýda öýlerine gaýdyp barmagynyň üpjün edilmegi we Siriýa krizisiniň ähli taraplaryň gatnaşmagynda yzygiderli ýagdaýda çözülmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar