Paragwaý Iýerusalim şäherine göçüren ilçihanasyny Tel-Awiwe göçürmek barada karar kabul etdi

Türkiýe Paragwaýyň kararyna kanagatlanma bildirdi

Paragwaý Iýerusalim şäherine göçüren ilçihanasyny Tel-Awiwe göçürmek barada karar kabul etdi

Türkiýe Paragwaýyň Iýerusalime göçüren Ysraýyldaky ilçihanasyny ýaňadandan Tel-Awiwe göçürmek baradaky kararyna kanagatlanma bildirdi.

Paragwaý uly dartgynlyga sebäp bolan başlangyja şäriklikden el çekdi.

Paragwaýyň Daşary işler ministri Luis Alberto Kastiglioni maý aýynda Iýerusalime göçürilen Ysraýyldaky ilçihanalarynyň ýaňadandan paýtagt Tel-Awiwe göçüriljekdigini beýan etdi.

Ministr: “Paragwaý Ýakyn Gündogarda giň gerimli, adalatly we durnukly parahatçylygy üpjün etmek üçin sebitleýin diplomatik tagallalaryň depgininiň güýçlendirilmegine goşant goşmak isleýär” diýdi.

Beýannama Ysraýyl reaksiýa bildirdi.

Ysraýylyň hökümetinden berilen beýanatda Ysraýylyň Paragwaýdaky ilçihanasynyň ýapyljakdygy we ilçiniň yzyna çagyryljakdygy bellenilýär.

ABŞ bolsa Paragwaýa basyş etmäe başlady.

Wise-prezident Maýk Pens Paragwaýyň döwlet Ýolbaşçysy Mario Abdo Benitez bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, ozalky kararyň dowam etmegini isledi.

Benitez bolsa ilçihananyň Tel-Awiwe göçürilmegi baradaky kararyň iş ýüzüne geçiriljekdigini beýan etdi.

Türkiýe Paragwaýyň kararyna kanagatlanma bildirdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly paragwaýly kärdeşi Luis Alberto Kastiglioni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Çawuşogly Paragwaýyň karary mynasybetli kärdeşine sagbolsun aýtdy.

Kararyň Ysraýyl-Palestin düşnüşmezliginiň adalatly we durnukly çözülmegine goşant goşjakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar