Türkiýe Owganystanyň paýtagty Kabuldaky hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň hökümeti Owganystanyň paýtagty Kabulda 20 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjümi ýazgardy

1044444
Türkiýe Owganystanyň paýtagty Kabuldaky hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda Kabulda bir sport zalynda yzly-yzyna guralan terrorçylykly hüjümleriň netijesinde, howpsyzlyk güýçleri we metbugat işgärleri bilen birlikde köp sanda adamyň ýogalandygyny we ýaralanandygyny gynanç bilen öwrenilendigi mälim edildi.  

Beýanatda: “Ady agzalan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarys, hüjümde ýogalan adamlara Alladan rehnet, Owganystanyň dostlukly hökümetine we doganlyk owgan halkyna gynanç we ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris” diýip bellendi.

Kabulda yzly-yzyna guralan 2 kamikaze hüjüminde 20 adam ýogalypdy, 70 adam ýaralanypdy. Ýaralanan adamlaryň aglabasynyň ýagdaýlarynyň agyr bolanlygy sebäpli, ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.



Degişli Habarlar