Prezident Erdogan Tähranda Eýranyň Prezidenti Ruhani we Russiýanyň Prezidenti Putin bilen duşuşdy

Liderler özara duşuşykdan soň üçtaraplaýyn maslahata gatnaşar

erdogan ruhani.JPG

Siriýa temaly üçtaraplaýyn maslahata gatnaşmak üçin Eýrana giden Prezident R. T. Erdogan Tähranda Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Erdogan üçtaraplaýyn maslahatyň öňüsyrasynda ilki Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, soň bolsa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Liderler özara duşuşykdan soň üçtaraplaýyn maslahata gatnaşar.

Maslahatda Siriýa meselesiniň yzygiderli ýagdaýda çözülmegi üçin edilýän tagallalar we görüljek çäreler seljerlr.

Siriýanyň İdlib şäherinde başdan geçirilýän wakalar hem maslahatyň gün tertibinde esasy rol oýnar.

Prezident Erdogan maslahatdan soň Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý bilen duşuşar.

 



Degişli Habarlar