Erdogan; “Idlibe guraljak hüjüm apat, gyrgynçylyk we gumanitar pajyga sebäp bolar”

Prezident R.T.Erdogan Siriýanyň Idlib şäherine guraljak hüjümiň agyr ýitgilere, gyrgynçylyga, gumanitar pajyga sebäp boljakdygyny aýtdy

Erdogan; “Idlibe guraljak hüjüm apat, gyrgynçylyk we gumanitar pajyga sebäp bolar”

Eýranyň paýtagty Tähranda Prezident R.T.Erdoganyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn maslahat geçirildi.

Maslahatda Prezident Erdoganyň “Idlibde hüjümleriň bes edilmegi baradaky” talaby ünsleri çekdi.

“Idlibiň gan kölüne öwrülmegini islemäýäris” diýen Erdogan, şäheriň diňe Siriýanyň syýasy geljegi üçin däl, eýsem Türkiýäniň milli howpsyzlygy hem-de sebitleýin parahatçylyk taýdan-da möhümdigini aýtdy.

Maslahatdan çykjak netijelere bütin dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny beýan eden Erdogan, kabul ediljek kararlar bilen tamalary puja çykarmajakdyklaryny aýtdy.

Şu gün dartgynlygy azaldyjy zolaklardan diňe İdlibiň galandygyny nygtan Erdogan; “Bu taýda oppozisiýa zolaklaryň açylmagyndan soň başdan geçirilen wakalar sebäpli özleriniň aldadylandygyny pikir edýär. Türkiýe şehitler beren we uly tagalla eden tapgyrynyň häzirki pursatda howply sepgide ýetendigini görýar” diýdi.

Idlib ýaly çylşyrymly ýerde terrorçylara garşy netijeli göreşmek üçin wagt we sabyrlylyk talap edýan tapawutly usullaryň möhümdigini nygtan Erdogan; “Astana ruhunyň özeninde umumy garaýyşlarda ylalaşmak durýar. Şol umumy garaýyşlar bolsa Siriýanyň syýasy jebisliginiň üpjün edilmegi, territorial bitewiliginiň goralmagy we düşnüşmezlige parahatçylykly çözgüt tapmak” diýdi.

Idlibiň gan kölüne öwrülmegini asla islemeýändiklerini, dostlukly ýurtlarda-da şol tagallalara goldaw Bermeklerine garaşýandyklaryny beýan eden Erdogan; “Idlibde ýerlikli çykalga tapylmaly. Meseläni Astana ruhuna laýyklyk çözmegi maksat edineliň. Türkiýäniň bu meseledäki pozisiýasyna dogry düşünmegiňizi sizden aýratyn haýyş edýärin. Biz Idlibe gönükýärkäk Ýefrat derýasynyň gündogarynda islenmenýän wakalar ýüze çykýar. ABŞ-nyň sebitde beýleki terror guramasyny güýçlendirmäge dowam etmegi bizi biynjalyk edýär” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň esasanda Siriýanyň syýasy, geografik we sosial bitewiligi sözüň doly manysynda üpjün edilýänçä eýeleýän pozisiýasyny gorap saklajakdygyny nygtady.

Prezident Erdogan; “Ekstremist terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG bilen birlikde Siriýada ornaşan terroryň ähli görnüşine we Siriýanyň territorial bitewiligine kast edýän synanşyklara garşy bilelikde çäre görülmeli” diýdi.



Degişli Habarlar