Beniniň Prezidenti Türkiýä sapar gurar

Beniniň Prezidenti Patris Talon, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda 6-njy sentýabrda şu gün Türkiýä sapar gurar

Beniniň Prezidenti Türkiýä sapar gurar

Prezident Diwanynyň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä iki lider saparyň çäginde ikiçäk we toparara gepleşikler geçirer.

Erdogan we Talon, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlaryny ele alar, gün tertibindäki meseleler bilen birlikde sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşarlar.

Saparyň Benin bilen bar bolan gatnaşyklaryň has hem ösmegine we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna goşant goşjakdygy çak edilýär.


Etiketkalar: sapar , Türkiýe , Benin

Degişli Habarlar