Mewlüt Çawuşogly Siriýanyň Idlib sebiti bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýanyň Idlib sebitine garşy guralýan hüjümleri dogry görmeýändiklerini Russiýa aýdandyklaryny habar berdi

Mewlüt Çawuşogly Siriýanyň Idlib sebiti bilen bagly beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly paýtagt Ankara iş sapary bilen gelen nemes kärdeşi Heiko Maas bilen duşuşyk geçirdi. 

Iki kärdeş ondan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Idlib sebitine eýýäm 2 gün bäri guralýan hüjümleriň esasy maksadynyň bu ýerleri ele salmakdygyny aýdan Çawuşogly ylalaşyk gazanmak üçin tagalla edýändiklerini habar berdi. 

Anna güni Eýranyň paýtagty Tähranda geçiriljek maslahatdan ozal guralýan bu hüjümleri ýalňyş görýändiklerini rus söhbetdeşlerine aýdandyklaryny aýdan Çawuşogly: "Idlibe operasiýa guralsa pajyga bolar" diýip belläp, ol ýerlerdäki çaknyşyksyz zolaklaryň goralmagynyň gerekdigini beýan etdi. 

Myhman ministr Maas bolsa öz gezeginde Türkiýäniň Idlib babatyndaky aladalaryna düşünýändiklerini habar berdi. 

Sebitde adamzat tragediýasynyň öňüniň alynmalydygyny aýdan Maas, Tähran maslahatyny goldaýandyklaryny mälim etdi. 

Tähran maslahatynda Prezident R.T. Erdogan, öý eýesi we rus kärdeşi Hasan Ruhani we Wladimir Putin bilen başda Idlib bolmak bilen Siriýa bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşar. 

 


Etiketkalar: Russiýa , rus , Germaniýa , Heiko Maas , Idlib

Degişli Habarlar