"Idlibe raketalar atylan haltynda uly gyrgynçylyk başdan geçirler"

Prezident R. T. Erdogan Siriýanyň Idlib şäherinde başdan geçirilýän wakalar barada beýanat berdi.

"Idlibe raketalar atylan haltynda uly gyrgynçylyk başdan geçirler"

Erdogan Gyrgyz Respublikasyna guran saparyndan gaýdyşyn uçarda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Siriýanyň Idlib şäherinde başdan geçirilýän wakalaryň Türkiýe üçin diýseň möhümdigini aýdan Erdogan “ Idlibde agyr günler başdan geçirilýär. Ol ýerde 3,5 million adam bar. Uly betbagtçylyk başdan geçirlen halatynda şol ynsanlar ilkinji nobatda Türkiýä gelerler. Bu meselede biziň Russiýa bilen etjek hyzmatdaşlygymyz diýseň möhüm. ABŞ Russiýany, Russiýa bolsa ABŞ günäkärleýär. Şähere raketalar atylan haltynda uly gyrgynçylyk başdan geçirler. Elbetde şeýle ýagdaýda şäherden gaçan asuda ilat ýene-de bize geler. Bu hem uly kynçylyk emele getirip biler” diýdi.

Anna güni Eýranyň paýtagty Tähranda Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşjakdygyny ýatladan Erdogan “7-njis entýabrda Tähran sammiti bar. Sammitden oňyn netije alynmagyny umyt edýärin” diýdi.



Degişli Habarlar