Erdogan Kuweýdiň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Kuweýdiň Emiri Şeýh Sabah El Jabir El Sabah bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Erdogan Kuweýdiň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Diwanyndan alynan maglumata görä Erdogan, Kuweýdiň Emiri Şeýh Sabah El Jabir El Sabaha, gyz dogany Şeýha Feriha El Ahmed El Jabir El Sabahyň ýogalmagy sebäpli gynanç bildirdi.

Prezident Erdoganyň Şeýha Feriha El Ahmed El Jabir El Sabahyň ýogalmagy sebäpli kerem dilän telefon söhbetdeşliginde şeýle hem ikitaraplaýyn we gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durulyp geçildi.

Prezident Erdoganyň we Kuweýdiň Emiri Şeýh Sabah El Jabir El Sabahyň telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary öňümizdäki etapda has hem güýçlendirmek babatynda tutanýerlidiklerini belläp geçendikleri habar berildi.



Degişli Habarlar