Türkiýe Ukrainanyň hökümetine FETÖ garşy göreşde berýän goldawlary üçin sag bolsun aýtdy

Türkiýe Ukrainanyň hökümetine Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy göreşde berýän goldawlary üçin sag bolsun aýtdy

Türkiýe Ukrainanyň hökümetine FETÖ garşy göreşde berýän goldawlary üçin sag bolsun aýtdy

Resmi sapar bilen Ankara gelen Ukrainanyň Içeri işler ministri Arsen Awakow Içeri işler ministri Süleýman Soýlu bilen duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykda Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegini maksat edinýän teswirnama gol çekişdi

Şeýlelikde bikanun göçe, gaçgaklyga, tebigy apatlara we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşde harby hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin uly başlangyç edildi.

Ministr Soýlu “Iki ýurt biri-biriniň terrora garşy göreşde gazanan tejribesinden peýdalanýar. Ukrainanyň hökümetine Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy göreşde berýän goldawlary üçin sag bolsun aýdýarys. Bu bu ugurdaky hyzmatdaşlykdan hoşal” diýdi.

Ukrainanyň Içeri işler ministri Arsen Awakow hem Türkiýe bilen terrora garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

 

 

 



Degişli Habarlar