Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky gepleşikler şu hepde başlar
Ankara-Berlin liniýasyndaky diplomatik gepleşikler şu hepde başlaýar

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas 5-6-njy sentýabr aralygynda Türkiýede saparda bolar.
Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak hem şu aý Germaniýa sapar gurar.
Aýyň ahyrynda bolsa Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Germaniýada Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer we Federal Kensler Angela Merkel bilen duşuşyk geçirer.
Gepleşikleriň barşynda ykdysady, sebitleýin we halkara meseleler ele alynar.