Terror guramasy PKK-a garşy göreş arakesmesiz dowam edýär

Soňky bir hepdede geçirilen operasiýalarda 4-si ýokary derejeli ýolbaşçy bolmak bilen, ekstremist terror guramasy PKK-a agza 46 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terror guramasy PKK-a garşy göreş arakesmesiz dowam edýär

Içeri işler ministrligi 27-nji awgust-3-nji sentýabr aralygynda geçirilen operasiýalar barada maglumat berdi.

Operasiýada 26-sy öli, 8-i diri ýagdaýda, 12-si howpsyzlyk güýçlerine boýun egmek bilen jemi 46 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Mundan başgada PKK bilen arabaglanşygy bolan 104 adam, FETÖ bilen arabaglanşygy bolan 153 adam, DAIŞ bilen arabaglanşygy bolan 21 adam we çepçi terror guramalary bilen arabaglanşyklary bardygy anyklanan 8 adam operasiýýalaryň netijesinde göz tussaglygyna alyndy.

Terror guramasynyň adyndan propaganda işlerini ýerine ýetirýän 274 sosial media hasabynyň eýesi bilen baglanşykly derňew geçirilmäge başlandy.  

Anyklanan 178 adama garşy hukuk taýdan çäre görüldi.


Etiketkalar: DAİŞ , PKK , operasiýa

Degişli Habarlar