Prezident Erdogan Gyrgyzystan sapary barada beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Gyrgyzystanyň Bütindünýä medeni miras sanawyna girizen Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryny 2020-nji ýylda Türkiýede geçirjekdiklerini habar berdi

Prezident Erdogan Gyrgyzystan sapary barada beýanat berdi

Twitter hasabyndan Gyrgyzystan saparynyň üstünde durup geçen Erdogan saparynyň iki ýurdyň umumy geçmişinden güýç alan gatnaşyklarynyň has hem özgermegine goşan goşjakdygyna ynanýandygyny belledi.

Erdogan saparynyň dowamynda kärdeşi Sooronbaý Jeenbekow bilen gün tertibindäki ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny, Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 4-nji maslahatyny geçirendiklerini we Fetullahçy terror guramasyna garşy göreşde ediljek ädimleri ele alandyklaryny mälim etdi.

Iki ýurdyň arasynda syýasy, söwda we medeni gatnaşyklary ösdürmek babatynda umumy tutanýerliligiň bardygyny görendiklerini aýdan Erdogan: “Işewürler forumynda maýa goýumlary höweslendirjek her dürli ýeňilligi döretmäge taýýardygymyzy belläp geçdik. Global gatnaşyklarymyzy has hem güýçlendirjek Bişkek Respublikan Merkezi Ymam Sarahsy metjidiniň açylyşyny etdik. Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň açylyşyna gatnaşdyk. Gyrgyzystanyň Bütindünýä medeni miras sanawyna girizen Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryny 2020-nji ýylda Türkiýede geçireris” diýdi.

Erdogan: “Çolpan-Atada geçirilen Türk Geňeşiniň 6-njy Döwlert baştutanlarynyň maslahatynda beýleki ýurtlaryň liderleri bilen bilelikde, başda öz milli pul birliklerimiz bilen söwda etmek meselesi bilen birlikde sebitleýin we global meseleleri maslahatlaşdyk.  Gyrgyzystan saparymyzyň ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklarymyza oňyn goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Myhmansöýerligi üçin Gyrgyzystanyň Prezidenti hormatly Jeenbekowa we doganlyk gyrgyz halkyna minnetdarlyk bildirýärin” diýip nygtady.


Etiketkalar: Twitter , sapar , Gyrgyzystan , Erdogan

Degişli Habarlar